Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmenistanly mekdep okuwçylary üçin XCEL halkara olimpiadalarynyň täze möwsümi açylýar

04.09.2025

1228

Türkmenistanly mekdep okuwçylary üçin XCEL halkara olimpiadalarynyň täze möwsümi açylýar

XCEL halkara olimpiadalary 3-nji synptan 12-nji synpa çenli mekdep okuwçylaryna giň ýol açýar.

Bu — dünýä derejesinde özüňi tanatmak, bilimiňi we döredijiligiňi görkezmek hem-de gymmatly tejribe gazanmak üçin mümkinçilikdir.

Bäsleşigiň ugurlary:

MathXCEL — Matematika, san we logika boýunça özüni synap görmek isleýänler üçin.

CogATXCEL — Kognitiw başarnyklar, pikirleniş we intellektual ukyplary ösdürmek üçin.

RobotiXCEL — Robototehnika, tehnologiýalara we robot döretmäge höwesli geljekki inženerler we innowatorlar üçin.

ArtXCEL — Sungat, döredijilik bilen täze tehnologiýalary utgaşdyrmak isleýän zehinli çagalar üçin.

Täze möwsümiň täzelikleri:

RobotiXCEL — emeli intellekt we robototehnika elementleri girizilen gyzykly täze tabşyryklar.

ArtXCEL — giňeldilen tema: indi gatnaşyjylar emeli intellektiň döredijiligi nähili ruhlandyrýandygyny we sungatyň täze eserlerini döretmäge kömek edýändigini öwrenip bilerler.

Geçen möwsümde gatnaşan okuwçylarymyz ýeňişler we medallar bilen yzyna dolandylar. Bu bolsa Türkmenistanyň çagalarynyň zehinlerine dünýä derejesinde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.

Öňde täze ýeňişler garaşýar!

Milli tapgyryň ýeňijileri 2026-njy ýylyň ýanwarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Los Anjelesde geçiriljek halkara finalynyna gatnaşmak üçin mümkinçilik alarlar.

Onlaýn hasaba alyş eýýäm açyldy!

Web sahypa: xceledu.ai

Instagram: @xceledu.tm

Telefon belgisi: (+99362) 13-55-99

Çeşmesi: Orient

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address