Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ýaryşlarda ýokary netije görkezen türgenler TDBSI-niň talyby boldular

07.09.2025

747

Ýaryşlarda ýokary netije görkezen türgenler TDBSI-niň talyby boldular

2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan türgenleriň birnäçesi talyp boldular. Bu barada «Türkmen sporty» gazetinde habar berildi.

Şeýle-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynda, Türkmenistanyň çempionatlarynda we kubok bäsleşiklerinde üstünlik gazanan, milli ýygyndy toparlaryň düzüminde çykyş eden dalaşgärleriň görkezen netijeleri hem seljerildi. Olaryň sport ýolundaky üstünlikleri talyplyga kabul etmekde möhüm artykmaçlyk hökmünde nazara alyndy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan teklip edilen düzgünlere laýyklykda, ukyply we taýýarlykly uçurymlar giriş synaglarynda üstünlik gazandylar.

Netijede täze okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna kabul edilenleriň arasynda 1 halkara derejeli sport ussady, sport ussatlygyna dalaşgärleriň 34-si, halkara ýaryşlarynyň ýeňijileriniň 43-si, ýurt derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileriniň 149-sy, welaýat derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileriniň 146-sy bar.

Bulardan başga-da, ýaş türgenleriň 194-si ýurduň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarydyr, şeýle-de öňdebaryjy toparlaryň wekilleridir. Sport mekdebiniň uçurymlarynyň hem 33-si bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň hataryna goşuldy.

Çeşmesi: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address