Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Nusgalyk mekdebiň mizemez ýörelgeleri

08.09.2025

559

Nusgalyk mekdebiň mizemez ýörelgeleri

Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek türkmeniň asylly milli däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli demokratik ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr.

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we medeni-ynsanperwer ulgamlar» atly maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilmeginiň öň ýanynda geçiriljek nobatdaky mejlisde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Maslahatda çykyş edenler öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji kabul ediljek resminamalar taryhymyzyň sahypasyny bezemekde ähmiýetli boljakdygy dogrusynda bellediler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address