Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

KÖRPE NESIL BARADA ALADALAR DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

08.09.2025

646

KÖRPE NESIL BARADA ALADALAR DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda körpe nesil barada edilýän aladalaryň maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýändiginiň yzygiderli şaýady bolýarys.

Şu gün Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda täze 21-nji çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy geçirildi. 2025-2026-njy okuw ýylynyň ilkinji günlerinde, Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy we Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy baýramçylygynyň öňisyrasynda bu çagalar bakja-bagynyň açylyp ulanylmaga berilmegi, bagtyýar çagalarymyz, türkmen halkymyz üçin uly sowgat boldy. Bu çagalar bakja-bagy 16 topardan ybarat bolup, 320 çaga kabul etmäge niýetlenilen. Döwrebap gurlan çagalar bagynda körpeleriň sagdyn ösmegi, bilimiň ilkinji esaslaryny özleşdirmekleri, hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi üçin zerur şertler döredilen. Körpeleriň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, toparlaryň okuw otaglary, daşary ýurt dillerini öwretmek üçin niýetlenilen lingafon otagy, kompýuter, aýdym-saz, bedenterbiýe ýaly otaglary degişli diwarlyklar, häzirki zaman tehniki enjamlar bilen abzallaşdyrylan. Şeýle ajaýyp şertleriň döredilmegi körpelerimize ahlak-watançylyk, zähmet, gözellik terbiýesini bermäge, daşary ýurt dillerini öwretmäge, döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga, sport bilen meşgullanmaga höwes döretmäge giň mümkinçilikleri berer.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­rymyzyň sowatly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Gülbahar Atadurdyýewa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Mekdebe çenli bilim bölüminiň baş hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address