Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

TÄZE  SEPGITLERE  BADALGA

09.09.2025

729

TÄZE  SEPGITLERE  BADALGA

Tä­ze 2025-2026-njy okuw ýy­lynyň ilkinji günlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tutumly işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy täze üstünliklere, täze sepgitlere ýetmäge uly badalga berýär. Şu gün hem ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Döwletli mekan obasynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary bilen bir hatarda, täze döwrebap orta mekdebiň hem-de çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy geçirildi.Açylyp ulanylmaga berlen 22-nji çagalar bakja-bagy 16 topardan ybarat bolup, 320 çaga kabul etmäge niýetlenilen. Bu çagalar bakja-bagynyň howlusynda, binasynda, degişli otaglarynda milli äheňde, körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda bezeg işleri döwrebap geçirilipdir. Çagalar bakja-bagynda körpe neslimiz bilen okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki zaman esaslarynda alnyp barylmagy, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, sazlaşykly terbiýelenmegi, göwnejaý dynç almagy ähli zerur şertleriň döredilendigini buýsanç bilen bellemelidiris!

Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygy baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi döwletimiziň körpe nesil babatynda ägirt uly ünsüniň nobatdaky güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ili-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik maksatly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Maýsa Bazarowa,

Ahal welaýat baş bilim müdirliginiň

Mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden

daşary edaralar bölüminiň esasy hünärmeni

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address