
News
739

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrýan ata Watanymyz Türkmenistan, agzybir hem-de merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde taryhy wakalaryň biri boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça sentýabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy