
News
777

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bilim ulgamy boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda şu gün, 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada Neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasy (СADAP) bilen bilelikde «Saglyk we durnukly ösüş parahatçylygyň ýoly hökmünde» atly Merkezi Aziýa ýaşlarynyň sebitleýin forumy öz işine başlady.
Forumyň baş maksady Merkezi Aziýa sebitindäki ýaşlaryň arasynda dialogy, liderligi we jemgyýetçilik jogapkärçiligi ösdürmek, neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak, durnukly ösüşiň gün tertibini durmuşa geçirmäge ýaşlary çekmek, şeýle-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly durnukly parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin platformany döretmekden ybarat bolup durýar.
Foruma daşary ýurtlaryň hem-de abraýly halkara guramalaryň birnäçesinden jemi 30-a golaý wekiller, şol sanda Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller, şeýle-de ýaşlar gatnaşýar. Iki günläp dowam etjek bu forum neşekeşligiň öňüni almak, ruhy saglyk, eko habarlylyk, sagdyn daşky gurşaw, bilim we durnukly hünärler, sanly platformalar we emeli aň ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty