Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

«Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň täze sany çapdan çykdy

12.09.2025

816

«Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň täze sany çapdan çykdy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň 2025-nji ýyldaky 3-nji sany okyjylara hödürlendi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem-de onuň çäklerinde geçirilen çäreler žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Okyjylar neşiriň bu sanynda türkmen Bitaraplygynyň hukuk esaslary, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty, dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde dil syýasatynyň orny bilen baglanyşykly ylmy-usuly makalalary okap bilerler.

Makalalarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede uly dabara bilen bellenip geçilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» döwletimiziň hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty, umumadamzat bähbitli başlangyçlary, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däpleri, türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde maşgalanyň orny, ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogy: Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hyzmatdaşlygyň geljegi nazarlaýan ugurlary giňişleýin beýan edilýär. Bu makalalarda gozgalýan ylmy meseleleriň derwaýyslygy bolsa okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Ýeri gelende, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalynyň ylmylyk derejesiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti bilen ylalaşyp, 2012-nji ýylda tassyklanan “Neşirleriň ylym we bilim ulgamlaryna degişli görnüşlerini neşir etmegiň Tertibiniň” talaplaryny kanagatlandyrýandygyny göz öňünde tutup, ony Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň 2018-nji ýylyň 15-nji maýyndaky 7-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan “Alymlyk derejelerini almak üçin taýýarlanan dissertasiýalaryň esasy ylmy netijelerini beýan etmäge hödürlenýän Türkmenistanda çap edilýän ylmy žurnallaryň we neşirleriň sanawyna” girizendigini we onuň okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň goruna goşulandygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Munuň özi ýurdumyzda elektron ylmy hem-de ylmy-usuly žurnallary döretmek we yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address