Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Parahatçylyk ýörelgeler rowaçlanýar

13.09.2025

906

Parahatçylyk ýörelgeler rowaçlanýar

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan çuňňur içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Sentýabr aýynyň 13-ne Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynda «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri işjeň gatnaşdylar. 

Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň hoşniýetli, dostlukly, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mazmuny we ugurlary ýyl-ýyldan artýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessuryny dünýäniň ýüzünde wagyz etmekde we onuň taryhyny, dilini öwrenmekde birleşigiň daşary ýurtly agzalary öz ýaşaýan ýurtlarynda dürli çäreleri yzygiderli guraýarlar. 

Maslahatyň çäginde Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň milli gymmatlyklary bolan şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungaty ugurlaryna degişli eserleriniň sergisi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Serginiň gymmatlyklary türkmen halkynyň taryhyny, däp-dessuryny, häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykan özboluşly sungatyny we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berýär. Bu döredijilik sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.  

Berkara döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, dünýäde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.                                                                                                                                            

                            Tawus Garajaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

 Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address