Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Lebap welaýatynda “eMekdep” dolandyryş ulgamy boýunça usuly kömek sapaklary geçirildi

17.09.2025

969

Lebap welaýatynda “eMekdep” dolandyryş ulgamy boýunça usuly kömek sapaklary geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil we mazmun taýdan täze derejä çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda çykaran 340 belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiyasyna laýyklykda, şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanylyşa badalga beren “eMekdep” dolandyryş ulgamy ýurdumyzdaky ähli orta mekdeplerinde ornaşdyrmaklygy ýola goýmaklyk maksady bilen 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-yna Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri we ähli etraplarynda, ýagny Hojambaz etraby, Saýat etraby, Köýtendag etraby, Kerki etraby, Halaç etraby, Dänew etraby, Çärjew etraby we Darganata etrabynda “eMekdep” dolandyryş ulgamy bilen tanyşdyryş maksatly usuly kömek sapagy geçirildi. Usuly kömek sapagyň dowamynda “eMekdep” dolandyryş ulgamynda okuwçynyň elektron gündeligini we onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada giňişleýin düşündiriş işleri geçirildi. Şol sanda welaýatyň Baş Bilim müdirliginiň hünärmenleri we mugallymlary bilen “eMekdep” dolandyryş ulgamynyň işleýşi bilen bagly sorag-jogap alyşdylar. Welaýatyň ähli etraplaryndaky usuly kömek sapaklary mugallymlaryň gyzyklanmalaryna görä alnyp baryldy.

Häzirki wagtda “eMekdep” dolandyryş ulgamy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli orta mekdeplerinde ornaşdyryldy, beýleki welaýatlaryň orta mekdeplerinde bu platformanyň ýola goýulmagy boýunça işler alnyp barylýar.

“eMekdep” dolandyryş ulgamyny doly işjeň ýagdaýynda “Google Play” ýa-da “Appstore”-dan “emekdep” sözüni gözlemek arkaly, onuň mobil goşundysyny göçürip alyp bolýar.

Usuly kömek sapagyna gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip ýurdumyzda bilim pudagyndaky ähli ösüşleri üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygy aýratyn bellenildi we il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address