
News
886

Gazagystanyň Astana şäherinde 2025-nji ýylyň 9-12-nji sentýabry aralygynda “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ taslamasynyň çägindäki ylalaşyk boýunça hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda gurnalan okuw maslahatyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde ýola goýulýan dünýäniň köp ýurtlary bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň täze mazmuna eýe bolmagy, halkara hyzmatdaşlygyň giň gerim almagy, milli bilimiň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi, elbetde, hünär derejesi ýokary, daşary ýurt dillerini suwara bilýän kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär.
Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamasy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat bolan topar Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň çakylygy boýunça dört günlük iş saparyny amala aşyrdylar. Bu sapar Merkezi Aziýada ekologiýa, jemgyýetçilik we dolandyryş (ESG) ýörelgeleri boýunça bilim ulgamyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň çäginde
gurnaldy.
Bu taslama ESG boýunça magistratura maksatnamalaryny we ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny döretmek arkaly ekologik bilimi döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalarda häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ýagny howanyň üýtgemegi, biodürlüligi gorap saklamak, durnukly ösüş we tebigy serişdeleri dolandyrmak ýaly ugurlar öz beýanyny tapýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti