
News
861

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň yzygiderli şaýady bolýarys.
Şu gün, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Bagtly Zamana” obasynda täze ýaşaýyş jaý toplumlary bilen bir hatarda, täze döwrebap orta mekdebiň hem-de çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açylan täze “Bagtly Zamana” obasyndaky çagalar bakja-bagy Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar körpeleridir bilim işgärlerine, etrabyň, täze obanyň ähli ýaşaýjylaryna toý sowgady boldy.
Täze açylan 15-nji çagalar bakja-bagy 16 topardan ybarat bolup, 320 çaga üçin niýetlenen. Bu çagalar bakja-bagyny “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň ezber hünärmenleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdiler. Bu çagalar bakja-bagynda körpeleriň döwrebap derejede terbiýelenmegi, ilkinji bilim sowadyny öwrenmegi üçin zerur şertlerdir mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Körpeleriň ýaş aýratynlygyna görä bilim-terbiýe almagy üçin okuw otaglarynyň, kompýuter, lingafon, aýdym-saz, bedenterbiýe otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berlipdir. Bu ýerde bilim işgärlerine körpelere daşary ýurt dillerini öwretmek, kompýuter tehnologiýasy boýunça ilkinji başarnyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döredijilikli zähmet çekmek babatynda ähli amatlyklar bar.
Mähriban Watanymyzy ösüşli menziller bilen täze belentliklere tarap öňe barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwrebaplaşdyrmak syýasaty hem-de watansöýüji, sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli nesli terbiýelemek boýunça amala aşyrylýan beýik maksatly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Ogulgerek Babaýewa,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden
daşary edaralary bölüminiň baş hünärmeni