Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan biologiýa dersinden bäsleşik ýokary guramaçylykly geçirildi

18.09.2025

1092

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan biologiýa dersinden bäsleşik ýokary guramaçylykly geçirildi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  deňsiz-taýsyz aladalary bilen geljegimiz bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, ruhubelent bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär, bu ugurlarda köp sanly Döwlet Maksatnamalary, Konsepsiýalary we Staregiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çagalaryň tebigy zehinini, başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we höweslendirmek boýunça berýän sargytlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan milli baýramlarymyzyň seresi bolan “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni” mynasybetli “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda dersler boýunça bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden bäsleşik ýokary guramaçylykly geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady häzirki döwürde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan, ahyrky netijede mekdep okuwçylarynyň arasynda degişli ugurdan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olaryň başarnyklaryny we şahsy mümkinçiliklerini artdyrmakdan, gelejekde hünär ugurlaryny saýlamaklaryna ýardam bermekden ybaratdyr. Ders bäsleşiginiň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan biologiýa ugruna degişli ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetimizde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, ýaşlaryň biologiýa dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmaga uly itergi berer.

Lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan ýokary derejede gurnalan biologiýadan ders bäsleşigi iki tapgyrdan, ýagny saýlawjy we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip aldylar. Ders bäsleşiginiň ikinji tapgyry lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Ders bäsleşiginiň netijeleri emin agzalary tarpyndan toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenildi. Bäsleşikde 1-nji orna Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gyzylgül Muhammetnazarowa, 2-nji orna Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Esenowa hem-de Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Güljahan Atamyradowa mynasyp boldy.

Babadaýhan etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annarejep Kakamyradow, şeýle-de Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Arzuw Seýitkulyýewa hem-de Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Nurmyradow dagy 3-nji orny eýelediler.

Ýeňiji bolan okuwçylar 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, şeýle hem oňat netije gazananlar Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Lukmançylyk uniwersitetinde bäsleşigi gurnamagyň we geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, onuň jemleýji ikinji tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň we olaryň ýolbaşçylarynyň paýtagtymyz Aşgabadyň gözel ýerleri, şol sanda “Aşgabat” seýilgähine gezelençleri guraldy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni” mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri, dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Bizi asuda we abadan durmuşda erkin ýaşatmak üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň

Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address