
News
141

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek hemde ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly utgaşykly görnüşdäki maslahat, şeýle-de ussatlyk sapaklary geçirildi.
Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň we amaly-haşam sungatynyň dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlanan çärede sungaty öwrenijilerdir senetçileriň türkmen amaly-haşam sungaty baradaky täsirli çykyşlary boldy. Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylara milli halylaryň dokalyşyny, keramika we zergärçilik önümleriniň ýasalyşyny görkezdiler. Ýokary ussatlyk hem çeperçilik bilen ýerine ýetirilen el işleri daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi.
— Ussat hünärmenlerdir sungaty öwrenijileriň gatnaşmagynda geçen maslahatda gadymdan gelýän amaly-haşam sungatyny, senetçiligi ösdürmegi dünýä tejribesi bilen baglanyşdyrmak, bu gymmatly mirasy ýaş nesle öwretmek barada söhbet edildi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli senetçiligimizi gorap saklamak we ony dünýä ýüzünde wagyz etmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär — diýip, akademiýanyň uly mugallymy Maýa Jumanyýazowa belledi.
Täsirli geçen çäräniň dowamynda sergiler jaýynda milli lybaslardyr bezeg şaýlary, gönden, teletinden we deriden tikilen önümler, tahýalar, keçeler, halydyr palaslar ýerleşdirilen sergi hem guraldy. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanýan zergärçilik önümleriniň, şol sanda ahalteke bedewlerini bezeýän şaý-sepleriň özboluşly gözelligi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Merýem ŞYHYNÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby
"Türkmenistan"
12.09.2024ý. №231-232