
News
1009

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlyk geçirmek asylly däbe öwrüldi. Biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzda hereket edýän ähli edara-kärhanalarda, şol sanda çagalar baglarynda terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, bäsleşikler, göwnaçma çäreleri, wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Mary şäheriniň 49-njy çagalar bakja-bagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly aýlygyň çäginde meýilleşdirilen “Ýaşyl yşyk” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. „Ýaşyl yşyk“ bäsleşigiň esasy maksady çagalaryň ýol-ulag hadysalary sebäpli şikeslenmeleriniň öňüni almakdan we olara ýol hereketiniň kadalaryny öwretmekden, körpeleriň irki ösüş döwründen zerur bolan ýaşaýyş-durmuş endiklerini kemala getirmekden, bu babatda iň gowy iş tejribelerini jemlemek we olary ýerlere ýaýratmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň dowamynda çagalaryň, bilim işgärleriň zehinliligi bilen döredilen köçe-ýol hereketiniň düzgünleri babatynda iň gowy işleriniň nusgalary, okuw-görkezme esbaplary we okuw maketleri, ýolhereketiniň howpsuzlygy boýunça geçirilýän işleriň, oýunlaryň, meýdançalaryň, burçlaryň foto-suratlar toplumlary ýa-da wideoýazgysy, geçirlen çäreleriň, bäsleşikleriň beýan ýazgylary, ýolhereketiniň kadalaryny we ilkinji lukmançylyk kömegi baradaky düşünjeleri çagalara öwretmek boýunça metbugatda, radioda, teleýaýlymda çykyşlary, taýýarlanan gollanmalar, bu babatda gazanan görkezijileri hem gözden geçirildi.
Çagalar baglarynyň bilim işgärleri öz çykyşlarynda çagalara ulaglary görnüşleri boýunça tanamagy, olary atlandyrmagy, ulaglaryň ýerine ýetirýän işleri we dolandyrýan adamlaryň atlandyrylyşy öwretmek, köçe-ýol hereketi barada düşünje bermek, köçe-ýol belgileri bilen tanyşdyrmak boýunça alyp barýan okuw-terbiýeçilik, usuly işlerini giňişleýin ýaýbaňlandyrdylar.
Welaýat guramaçylyk topary tarapyndan „Ýaşyl yşyk“ atly bäsleşigiň jemleri jemlenip, onuň netijesi boýunça Baş baýraga Türkmengala etrabynyň 9-njy, 1-nji orna Mary şäheriniň 21-nji, 2-nji orna Murgap etrabynyň 1-nji we 3-nji orna Ýolöten etrabynyň 12-nji çagalar baglaryň mynasyp bolmagy yglan edildi. Bäsleşikde ýeňiji orunlara eýe bolanlar Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň derejeli diplomlary bilen sylaglandylar.
Ogulgerek Annageldiýewa,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň
başlygynyň orunbasary