
News
76

Düýn beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbiliside ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragy auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan agzalan bilim ojagynyň ýardam bermeginde guraldy. Çärä türkmen wekiliýetiniň agzalary, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, medeni-ynsanperwer ugruň türkmen-gruzin döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Häzirki wagtda medeni diplomatiýanyň ähmiýeti barha artýar. Ol ýurtlardyr halklaryň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak esasynda guralýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän intellektual meýdança bolup çykyş edýär.
Çärä gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, agzybirlige çagyrýan şygyrlarynyň bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, asyrlar geçse-de, dana Pyragynyň eserleri ähmiýetini ýitirmän gelýär hem-de ol Türkmenistanyň çäginden daşarda-da örän meşhurdyr. Çünki olarda ebedi ynsanperwer ýörelgeler — Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly gymmatlyklar öz aýdyň beýanyny tapýar. Şahyr asyllylyk, wepalylyk, ruhy-ahlak taýdan arassalyk, rehim-şepagatlylyk, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik ýaly ynsanyň iň gowy häsiýetlerini wasp edipdir. Magtymguly Pyragynyň dürli dillere terjime edilen goşgulary dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan adamlaryň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar.
Öz gezeginde, Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze Magtymguly Pyragy auditoriýasynyň açylmagynyň gruzin halkynyň Magtymgulynyň döredijiligi, türkmenleriň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmagyna, dostlukly gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Çäräniň ahyrynda ýaňlanan türkmen halk sazlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
“TÜRKMENISTAN”
12.09.2024ý. №231-232
Şeýle hem okaň: Turkmenportal