Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

«Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum

22.09.2025

811

«Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum

2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdebimizde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi. Bu möhüm çäre ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň sporta bolan söýgüsini ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de sporty parahatçylyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrmakda aýratyn ähmiýetli boldy.

Forumyň işine ýurdumyzyň öňdebaryjy sport hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinden ÝUNESKO-nyň Sport bölüminiň başlygy, Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) sekretary jenap Filip Müller-Wirt wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly milli foruma gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, talyplar sportunyň dost-doganlygy we ynanyşmagy pugtalandyrýandygyny belledi.

Çäräniň dowamynda dürli ugurlar boýunça çykyşlara uly orun berildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Aşyrmuhammet Gurbanmämmedow çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda sporty ösdürmekde diplomatiýanyň aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni Sona Halykowa ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilýändigini belläp geçdi.

Forumyň işinde şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi Serdar Gurdow sport klublarynyň işini kämilleşdirmekde häzirki zaman tejribelerini paýlaşdy. Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy Aýmaral Azatgeldiýewa talyplar sportuny we sagdyn durmuş ýörelgesini ylmy esasda ösdürmegiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Bedenterbiýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Durdy Atabaýew «Talyplar sporty: ösüşiň binýady» atly iňlis dilinde eden çykyşynda ýaşlaryň ösüşinde sportuň tutýan ornuny giňişleýin beýan etdi.

Forumyň dowamynda çykyş edenleriň ählisi sportuň diňe beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de dostlugyň berkarar bolmagyndaky ähmiýetini nygtadylar. Umumy mejlis tamamlanandan soň, milli forum öz işini 60-dan gowrak çykyşlar girizilen bölümçelerde dowam etdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Talyplar sportunyň halkara güni (International Day of University Sport — IDUS) ilkinji gezek 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň karary bilen yglan edildi. Bu teklip ýokary okuw mekdeplerindäki sport hereketleriniň halkara merkezi bolan – Halkara talyp sporty federasiýasy (FISU) tarapyndan öňe sürlüp, ilkinji gezek resmi derejede 2016-njy ýylda bellenildi. Häzirki wagtda dünýäniň ýüzlerçe ýurdunda bu gün dürli çäreler bilen giňden bellenilýär. «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum hem şol dünýä derejesindäki tagallalaryň bir görnüşi bolup çykyş etdi. Forum ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejede giňişleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezdi hem-de sporty parahatçylygyň we ynanyşmagyň kepili hökmünde ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address