
News
741

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe we mekdepden daşary çagalar edaralary boýunça bölümiň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly körpeleriň aýdym we tans sungaty boýunça bäsleşigiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige 33 sany çagalar bakja-baglarynyň döredijilik toparlary gatnaşdy.
Ýaşajyk aýdym-saz ýyldyzjyklarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän çykyşlary ýatda galyjy hem göwün göteriji boldy. Bäsleşige gatnaşýan çagalaryň aýdym we tans çykyşlarynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň köňül joşguny aýdyň duýuldy. Körpeleriň hoş owazlary, barýamçylyk ruhly tans çykyşlary şanly Garaşsyzlygymyzyň toý joşguny bilen ulaşyp, tomaşaçylarda ruhubelentlik we buýsanç duýgulary emele getirdi. Bäsleşige gatnaşan çagalarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, merdanalyk, dostluk, hoşniýetlilik duýgulary peýda boldy.
Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” kitabynda “Ukypsyz çaga ýokdur, her bir çaganyň öz aýratyn bir tapawutlanýan tarapy bardyr” diýen ajaýyp jümlelerinden ugur alyp, aýdym-saz mugallymlar we terbiýeçiler her bir çaganyň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga çalyşdylar. Çekeleşikli bäsleşigiň netijesinde Mary şäheriniň 40-njy çagalar bakja-bagynyň zehinli körpeleri baş baýraga mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Mary şäheriniň 22,31,15,42-nji çagalar bakja-baglarynyň çykyşlary hem mazmunlylygy we şowhunlygy bilen tapawutlandylar.
Ogulgerek Annageldiýewa,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň
başlygynyň orunbasary