
News
765

Mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe – bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Çünki Garaşsyzlyk - ýurdumyzy taryhy özgerdişlere besledi, parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34-ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, dostlugyň, ruhybelentligiň, sportyň hem-de saglygyň ýurdy hökmünde Watanmyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň yzygiderli artýanlygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti