Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Pakistanyň Bahria uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

25.09.2025

849

Pakistanyň Bahria uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow we ilçihananyň 1-nji sekretary B.Ýazow Yslamabat şäherinde ýerleşýän Pakistanyň Bahria uniwersitetine bardylar.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmen wekiliýeti uniwersitetiň Baş direktory Naim Sarwar hem-de ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň dekany, professor Adam Saud bilen duşuşyk geçirip, onda ylym, bilim, akademiki alyş-çalyş we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra ilçihananyň wekilleri «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly temada umumy sapak geçdiler. Ilçihananyň 1-nji sekretary öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty we onuň parahatçylygy we özara ynamy berkitmekdäki orny barada gürrüň berdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň, TOPH we TOP ýaly energetika taslamalarynyň, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara forumyň ähmiýeti barada nygtady.

Umumy sapakdan soňra talyplar mowzuga uly gyzyklanma bildirip, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak hem-de TOPH we TOP energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi bilen baglanyşykly soraglary berdiler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address