
News
908

Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyñ 34-ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Halk Maslahat geljekde hem halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny kämilleşdirmegiň kepiline öwrüldi. Bu gün bolsa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz unwersitetinde halypa hem ýaş mugallymlaryň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeler barada özara pikir alyşyldy. Maslahatda ýaş nesile döwrebap bilim berip, olara Watanymyzyň geljegini ynanyp ösüşleri özlerine ýaran edinmekleriniň aýdyñ ýollary kesgitlendi. “Halk berk hem erk” diýip halkyna uly ynam bildirýän Gahryman Arkadygymyzyň hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz unwersiteti