Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglandy

26.09.2025

1138

Öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglandy

Halkara jemgyýetçilik durmuşynda uly abraýly seneleriň biri-de Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygydyr! Gahryman Arkadagymyz şöhratly taryhymyzda uly ähmiýete eýe bolan Garaşsyzlygymyzyň nurana geljegimiz üçin uly ähmiýetiniň bardygyny: “Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk il-halkymyz üçin şanly geljegiň täze gözbaşydyr, biziň ebedi ýolumyzdyr, ýene bir gezek nygtap aýtsam, döwletliligimiziň goşa ganatydyr, ertirki durmuşymyzyň sagdyn esaslarydyr” diýip, uly buýsanç bilen belleýär.

 Häzirki günlerde Türkmenistanyň şan-şöhrata beslenen Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň tutumly toýy uly dabaralara beslenýär. Toýa sowgatly gelmek türkmeniň dessury, däbi. Şu asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesli terbiýelemekde, ýurt agzybirligi we milletiň jebisligi, eziz Watanymyzyň barha kuwwatlanmagy ugrunda ak ýürekden zähmet çekmäge taýýar, geçmişimize uly hormat, bagtyýar durmuşymyza söýgi, ak ertirlere uly ynam bilen garaýan ýaş nesli kemala getirmekde yhlasly işleýän ýurdumyzyň bilim işgärleri hem toýa zähmet üstünlikleri bilen geldiler.

Bilim ulgamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň taryhyna, şu gününe we geljegine hem-de hut şu düşünjäni ýaş nesliň aňyna berk ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Hususan-da, 2025-nji ýyl – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen senede ýaş nesli bagtyýar döwrümize mynasyp terbiýelemek maksady bilen okuw-terbiýeçilik işleri guralanda, döwlet derejesindäki durmuşa ornaşdyrylýan halkara ähmiýetli başlangyçlar giňden wagyz edilýär hem-de dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler giňden düşündirilýär. Garaşsyz ýurdumyz, türkmen milleti, halkymyzyň asylly däpleri, şu günümiz we gelejek baradaky düşünjeler okuw-terbiýeçilik işleriniň süňňüne siňdirilýär.

Ýer ýüzünde ýurdumyzyň wagyzly şöhratlandyrylyşy bilen okuwçylaryň Garaşsyz Türkmenistana milli buýsanjy hem-de watançylyk duýgusy ösdürilýär. Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk taryhynyň ýaş nesliň syýasy, ynsanperwer we taryhy düşünjeliligini terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr we onuň geçen ýolunyň milli ykdysadyýetde, içeri we daşary syýasatda täze amatly şertleri döretmegiň özboluşly eýýamy bolandygy taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Döwrebap bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde çeken döredijilikli zähmeti, gazanan üstünlikleri nazara alnyp, şu bilim işgärlerine: Aşgabat şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Rozygül Mahmatkulowa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň matematika we informatika mugallymy Leýla Ruliýewa, Aşgabat şäheriniň S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Tyllagözel Seýitnyýazowa, paýtagtymyzyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Arzygül Şyhmyradowa, Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiri Gülistan Mämedowa, Aşgabat şäheriniň 6-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Altyn Gurbanowa, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdep ýaşly çagalar bölüminiň başlygy Amangül Babaýewa, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Maksat Muhammetdurdyýew, 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Dünýägözel Abaýewa, 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oguljeren Atajykowa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Muhammetnazar Amanow, Gökdepe etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň fizika mugallymy Gurbanmuhammet Gurbanow, Ak bugdaý etrabynyň 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Täzegül Meredowa, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň ker we çala eşidýän mekdep ýaşly çagalar bölüminiň başlangyç synp mugallymy Maksat Jumaýew, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy Rahatdurdy Durdyýew, Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Arazbibi Mämmedowa, Balkanabat şäheriniň 15-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Weronika Nikonorowa, Balkan welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Yslam Baýramow, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy Tatýana Reçkalowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Merjen Saparowa, Boldumsaz etrabynyň 32-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Allamyrat Pirmedow, Köneürgenç etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Akja Kerimowa, Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory Bahar Piriýewa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Şageldi Ýabanow, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Aman Berdimyradow, Türkmenabat şäheriniň 65-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Şerbetaý Taganowa, Lebap welaýatynyň 5-nji ker, çala eşidýän we soň ker bolan çagalar üçin ýörite umumybilim berýän mekdep-internatynyň surdomugallymy Hemragül Amanowa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Zöhre Çaryýewa, Tagtabazar etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ýazgül Mämmedowa, Murgap etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ýeňişmyrat Atamyradow, Ýolöten etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Aýsenem Berdiýewa, Mary welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdep ýaşly bölüminiň logoped mugallymy Aýjeren Nurymowa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň taryh mugallymy Bike Öwezberdiýewa, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniňýaşaýyş-durmuş esaslary mugallymy Muhammet Beghanow Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Hormat haty” hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

   Öňdebaryjy bilim işgärleri özlerine bildirilen hormat we berlen sylaglar üçin bilim ministrligine hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 Dabaranyň ahyrynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň ruhuny galkyndyryp, kalplaryna baýramçylyk pursatlaryny ýazdy.

  “Bilim” žurnaly.

                                                                                             

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address