
News
902

Ýaňy ýakynda sentýabr aýynyň 15-25-i aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Türkmenistany Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Sport we ýaşlar – sagdyn jemgyýetiň binýady” atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi.
Ýaryşlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň woleýbol, futzal we basketbol görnüşleri boýunça geçirildi.
Sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary üstünlikli çykyş edip, mynasyp I orny eýelediler, II orna “Binagär” woleýbol topary, III orna bolsa “Galkynyş” woleýbol topary mynasyp boldular.
Sportuň futzal görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” futzal topary mynasyp I orny eýelemegi başardylar. II orny “Talyp sport” topary we III orny “Maliýeçi” toparlary eýelediler.