
News
1073

Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjin etmek döwletimiziň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary ugrunda Döwlet baştutanymyz tarapyndan ähli zerur tagallalar edilýär. Bu gün hem Güneşli Watanymyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan ýaş oglan-gyzlar üçin hem begendiriji baýramçylyk güni boldy. Ýurdumyzda bolup geçýän her bir baýramçylykda öz halkyny gün kibi çoýýan hak howandarlarymyz Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz hakdaky aladany unutmaýar. Ine bu gün hem hak howandarlarymyzyň hut özleriniň aladalary bilen iberilen Şa sowgatlary gök-bakja we miwe önümleridir, süýjilikler çagalaryň kalbynda öçmejek şatlykly pursady döretdi. Munuň üçin biz hak-howandarlarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys. Döwletliler köşgüniň ýaş ösüp barýan nesilleri Mähriban howandarlarymyzyň bu atalyk aladalaryna kämil okuwlarynyň, göreldi terbiýeleriniň üsti bilen jogap berýärler. Biz ýaş nesillere hemişe ýurdumyzyň gelejegi wepaly ýaşlar bolup ýetişmelisiňiz – diýip her bir işimizde nygtaýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyz siziň çagalara edýän aladalaryňyz üçin çyn ýüregimizden sagbolsun aýdýarys . Siziň janlaryňyz sag, ömürleriňiz uzak bolup, alyp barýan döwletli işleriňiz elmydama rowaçlyklara beslensin. Çagalara ýollan Şa sowgatlaryňyz üçin tüýs ýüregimizden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy gutly bolsun
BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan
Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň
taryh mugallymy Abaýew Pälwan