Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

HÜNÄRLI NESIL – RÖWŞEN GELJEK

28.09.2025

937

HÜNÄRLI NESIL – RÖWŞEN GELJEK

Mary welaýat Baş bilim müdirligi, Zenanlar guramasynyň welaýat Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Mary welaýatynyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda “Hünärli nesil – röwşen geljek” diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu bäsleşigi geçirmegiň maksatlary umumybilim berýän mekdeplerde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň işlerini kämilleşdirmekden, okuwçy gyzlary el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmakdan, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna bolan söýgülerini, ukypdyr başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekden ybarat.

Bäsleşigiň welaýat tapgyryna etrap şäherlerinde geçirilen tapgyrlarda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orna mynasyp bolan toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň geçirilen ýerinde okuwçy gyzlaryň öz elleri bilen taýýarlanan el işlerinden guralan sergi has hem täsirli boldy. “Hünärli nesil – röwşen geljek” atly bäsleşiginde gyzlar toparlary asylly gyz edebi bilen bagly milli däpler barada şahyrana dilde çykyş etmekde, Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagynyň nusgalyk işlerinden görelde alyp, öz ýanlary bilen getiren gutarylmadyk keşde çekmekde, köjüme köjemekde, basma basmakda, pugtamakda, jähek çalmakda, alaja, jorap örmekde, haly önümlerini dokamakda, el işleriniň nusgalaryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. 

Bäsleşige gatnaşan gyzlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby boýunça milli däp-dessurlarymyza laýyklykda unaş kesmek başarnyklaryny görkezdiler hem-de bu tagamyň taýýarlanylyşyny, onuň adam saglygy üçin ähmiýetini çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler, unaş barada rowaýatlary, gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. 

“Hünärli nesil – röwşen geljek” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Baýramaly, Tagtabazar, Sakarçäge, Mary etraplaryndan, Baýramaly şäherinden gatnaşan okuwçy gyzlar toparlary tapawutlandylar. 1-nji orna Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň “Päkize” atly gyzlar topary mynasyp boldy we bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşige gatnaşan ähli gyzlar toparlar gymmat bahaly sowgatlar we welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandy.   

Ogulgerek Annageldiýewa,

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň 

başlygynyň orunbasary  

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address