
News
720

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 19-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işiniň taryhy ähmiýetini hem-de bu maslahatda ýaşlaryň tutýan ornunyň aýratynlyklaryny düşündirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri: Ýaşlar syýasaty» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti boýunça gatnaşan göreldeli talyplar öz ýürek buýsançlaryny beýan edip çykyş etdiler.