Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Netijeli okuw saparlary

01.10.2025

731

Netijeli okuw saparlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagamyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy,

edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary daşary ýurtlaryň baýry ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň esasynda, daşary ýurtlarda iş we okuw saparlarynda bolup, hünärlerini kämilleşdirýärler. Şu nukdaýnazardan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyby “Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda bilim ulgamynda alyş-çalyş etmek we hyzmatdaşlygy saklamak hakynda Ylalaşygyň” çäklerinde, 1 (bir) ýyl möhlet bilen Sukuba uniwersitetine okuwa ugradyldy.

Mundan başga-da, Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrliginiň (MEXT) 2025-2026-njy okuw ýyly üçin yglan eden “Ýapon dili we ýapon medeniýeti” atly bir ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça geçirilen synaglardan üstünlikli geçen Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň taýýarlygyň pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyby 1 (bir) ýyl möhlet bilen Ýaponiýa okuw saparyna ugradyldy.

Şeýle okuw sa­par­la­ry ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky ylym-bi­lim gat­na­şyk­la­ry ösdürmekde, bu ugur­da ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de, talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup kemala gelmeginde uly tejribe mekdebi bolup durýar.

Türk­men ýaş­la­ry­nyň ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry ah­lak­ly,

kä­mil ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän Ýaşlaryň

Hak Howandarlary Gah­ry­man Arkadagymy­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyza tüýs ýü­rek­den al­kyş aýdýarys. Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, be­ýik işle­ri diňe ro­waç­lyk­la­ra beslen­sin!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address