Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy ýygyndy neşir edildi

01.10.2025

865

«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy ýygyndy neşir edildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýygyndysy neşir edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp neşir edilen «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýany Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň sport diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygyny, dost-doganlygy, ynanyşmagy we parahatçylygy pugtalandyrmak barada alyp barýan döwlet syýasatyny giňden wagyz edýär. Ylmy ýygyndy Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleriniň, professor-mugallymlaryň, alymlarynyň, tälimçileriň häzirki zaman sportunyň we sport babatdaky hyzmatdaşlygyň ýetilen ýokary derejeleri barada çykyşlaryndan ybaratdyr.

«Bitaraplyk we sport ýörelgeleri dostlugy hem-de parahatçylygy wagyz edýär», «Olimpizm filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek» we «Bedenterbiýe we sportda innowasion tehnologiýalar» ýaly temalardan taýýarlanylan ylmy çykyşlar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, sport tälimçilerine, hünärmenlerine we türgenlere, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanyny Google Scholar platformasyndan okap bilersiňiz.

Arslan MYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address