
News
818

Her ýylda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hemde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli senedir. Bu sene häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda hem mynasyp orun eýeleýär, çünki bu ýörelgeler halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna laýyk gelýär. Şunyň bilen baglylykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly Mejlisler zalynda uniwersitetde zähmet çekýän ýaşuly professor-mugallymlary we işgärleri “Ýaşulularyň halkara güni” mynasybetli gutlamak dabarasy geçirildi.
Häzirki wagtda hem ýaşulularymyz döwletli Diýarymyzy ösdürmäge, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. Olar halypa-şägirtlik däbini hem dowam etdirip, özleriniň baý iş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşýarlar, olaryň ýurdumyzyň ösmegi, gül açmagy üçin yhlasly işlemeklerine giň ýol açýarlar. Çünki durmuş tejribesini geçen ýaşuly nesliň işleriň netijeliligini gazanmakdaky baý maglumatlary her birimiz üçin aýdyň ýoldur.
Ýaşulularymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti