
News
1164

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň awgust aýynda Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Aşgabat şäherinde guralan okuw maslahaty geçirildi. Degişli maksatnama esasynda ata-eneleri çaga terbiýesinde ugrukdyrmak boýunça bilim işgärlerini taýýarlamagyň bu okuwyna döwletimiziň ähli welaýatlaryndan tejribeli pedagoglar, halypalarymyz, ussat hünärmenler, terbiýeçi-usulyýetçiler, terbiýeçiler we ata-eneler gatnaşdylar.
Çaga terbiýesinde ata-enelere goldaw bermek, olary ugrukdyrmak, usuly kömek bermek, ata-eneleriň perzent terbiýesi babatdaky başlangyçlaryny goldamak, çagalaryň hukuklaryny goramak, jan-saglygy, bilim-terbiýesi babatda alada etmek we halkara derejesinde geçirilýän işleriň täze wezipeleri bilen tanyşmak boýunça örän baý maglumatlara eýe bolan bu okuwlar mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem maşgala bilen bilelikdäki işleriň netijeliligini artdyrmaga itergi berdi. Çünki okuw sapagyny geçen Birleşen Milletler guramasynyň Çagalar Gaznasynyň bilermeni Dr. Kiýara Massaroni dünýäniň meşhur pedagoglarynyň terbiýeçilik işleri bilen bagly çeşmelerine salgylanyp, gyzykly we täsirli maglumatlary bilen paýlaşdy hem-de usuly gollanmalaryny ýaýratdy. Çagalaryň ösüşine düşünmek, çaganyň irki ösüşiniň ähmiýetine ünsi çekmek, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmakda ata-enelere goldaw bermegiň ýollaryny salgy bermek, ata-eneler üçin taýýarlanylan ÝUNISEF-iň maglumatlary bilen tanyşmak ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berildi. Okuwyň gün tertibine laýyklykda sowalnamalar jogaplandyryldy, umumy pikir alyşmalar, gollanmalar bilen tanyşmak we syn etmek, günüň jemlerini jemlemek, başarnyklary tejribe etmek we toparlaýyn işler guramaçylykly geçirildi.
Häzirki wagtda şeýle halkara ähmiýetli okuw maslahatlarda tälim alan bilim işgärleri zähmet çekýän çagalar bakja-baglarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanyp, ata-eneleriň perzent terbiýesi babatdaky tejribelerini artdyrmaga has-da işjeň gatnaşýarlar. Mary welaýatyndan bu okuwlara gatnaşan Türkmengala etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň 1-nji hünär derejeli halypa terbiýeçisi Sülgün Hankulyýewa, Murgap etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Jeren Çaryýewa, Mary şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Bägül Hezziýewa, şäheriň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Täzegül Hezziýewa işleýän çagalar bakja-baglarynda ata-eneler bilen duşuşyklary gurap, öý şertlerinde kiçi ýaşly çagalara terbiýe bermegiň usullary barada giňişleýin maslahatlary berýärler. Geçirilýän okuwlarda hünärmenler tarapyndan ata-enelere çaganyň irki ösüşi we ony goldamakda ata-eneleriň orny, çagany söýgi we mähir bilen gurşamagyň ähmiýeti, gündelik işleri ýerine ýetirmek arkaly çagalary mekdebe taýýarlamak, çaganyň saglygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, ata-enäniň terbiýe bermekde gender deňligi, ata-enelere saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalara inklýuziw bilim barada maslahatlary berdiler.
Çagalar bakja-baglary maşgala bilen bilelikdäki işleriň ýola goýluşyny has-da kämilleşdirip, ata-eneler bilen geçirilýän işleriň hil we mazmun taýdan ýokary derejeliligini saklaýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri milli ruhda kemala getirmekde we döwrebap terbiýeli edip ýetişdirmekde, jemgyýetimiziň sagdyn ösüşini üpjün etmekde we pedagogik işgärleriň hünär tejribesini artdyrmakda şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Ogulgerek Annageldiýewa,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň
başlygynyň orunbasary