
News
998

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary Germaniýada geçiriljek “Ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatyna” gatnaşar. Bu barada ýetginjekleri ýaryşa taýýarlaýan “Kämil bilim” okuw merkezinde habar berildi.
Çempionat şu ýylyň 4-6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçiriler. Oňa ýurdumyzdan 8 sany zehinli ýetginjek wekilçilik eder.
2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara ýaryşa her ýyl dünýäniň 20-ä golaý döwletinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşýar. Bäsleşikde gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä 3 topara bölünýärler.
Türkmenistanly ýaşlar goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek ýaly esasy amallar bilen bir hatarda, köpeldijilere dagytmak we droblar ýaly has çylşyrymly ugurlar boýunça-da öz ukyplaryny görkezerler. Bäsleşigiň şertine görä, ýetginjekler 2 sagadyň dowamynda ähli soraglary diňe ýatdan işläp, dogry jogaplary bermeli bolarlar.
Çempionata gatnaşjak türkmen okuwçylarynyň sanawy şulardan ybarat:
Nurgeldiýew Mekan (Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi);
Ýeri gelende aýtsak, çempionata gatnaşjak topar şu ýylyň aprel aýynda ýörite bäsleşik esasynda düzüldi. Şonda ýetginjekler Dünýä çempionatyna meňzeş şertlerde, 23 sahypadan ybarat bolan soraglara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermegi başaryp, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.