
News
744

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Bitarap Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: Hyzmatdaşlykda energetika diplomatiýasynyň orny” atly tegelek stolyň başynda professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda syýasy gepleşik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşyndan ugur alyp şu günki gün Türkmenistan adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge örän uly ýardam berýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz Hormatly Prezidentimiziň saýasynda durnukly ösüş maksatnamalaryny gazanmakda we energetika ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm uly üns berilýär. Şol sanda Türkmenistan döwletimiz Hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynda ,,Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi şu günki gün Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasyndaky at-abraýyny has-da artdyrdy. Tegelek stolyň başynda professor -mugallymlaryň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynda bolan iş sapary we ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri barada giň gerimli çykyşlar edildi. Ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şular ýaly duşuşyklar giň gerimde geçirilip durulýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti