
News
728

3-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentine şu ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda bilim we ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilim ulgamyndaky özgertmeler dowam etdi: okuwda häzirki zaman usullar ornaşdyryldy, täze okuw kitaplary neşir edildi.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň we ýurdumyzyň Prezidentiniň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna «Bilimli» noutbuklary gowşuryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy, täze mekdepler we çagalar baglary ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijelere ýetip, jemi 750-den gowrak medal (mekdep okuwçylar: 136 altyn, 156 kümüş, 128 bürünç; talyplar: 62 altyn, 109 kümüş, 164 bürünç medala mynasyp boldular), şol sanda 198 altyn medal gazandylar.
Öňüni alyş we bejeriş işlerine häzirki zaman lukmançylyk tejribeleri ornaşdyryldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli tematik çäreler geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan bejergä we operasiýa mätäç çagalaryň kömegi üçin serişdeler berildi.
Hasabat döwründe köpçülikleýin sport we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri işjeň ösdürildi. Türkmenistanda milli göreş, guşakly göreş “alyş”, şeýle hem ýaş türgenleriň arasynda halkara küşt ýaryşlary geçirildi.
Ýurdumyzyň milli ýygyndylary halkara ýaryşlarynda dürli derejeli 754 medal gazandylar.