Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň halkara forumyna gatnaşdylar

07.10.2025

415

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Merkezi Aziýanyň mugallymlarynyň halkara forumyna gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 5-6-njy oktýabrynda Özbegistan respublikasynyň Mekdebe çenli we orta bilim ministrliginiň gurnamagynda bu ýurduň Nukus şäherinde merkezi aziýa ýurtlarynyň pedagoglarynyň halkara forumy geçirildi. Foruma sebitiň döwletleriniň bilim edaralaryndan, halkara guramalardan hem-de dünýäniň birnäçe abraýly bilim merkezlerinden wekiller gatnaşdylar .

Forumyň açylyş dabarasynda Özbegistan respublikasynyň Mekdebe çenli we orta bilim ministrniň, Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrniň, Türkmenistanyň Bilim ministrniň orunbasarynyň, BMG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, Britaniýanyň Geňeşiniň, Cambridge University Press & Assessment, Marshall Cavendish Education we MIT ýaly halkara guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda sebit ýurtlarynyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman bilim usullaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy .

Forumyň dowamynda, wekiliýetiň düzümindäki pedagoglar halkara gatnaşyjylar bilen bilelikde duşuşyklara, taslamalaryň tanyşdyrylyşyna hem-de medeni maksatnamalara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara foruma gatnaşmagy, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we täze başlangyçlaryň ornaşdyrylmagyna hyzmat eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address