
News
235

Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde “Döwletli maslahatyň – döwletli netijeleri halkymyzyň bagtydyr” atly maslahat geçirildi. Maslahata mekdebiň mugallymlary we okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebiniň mugallymlary Güljahan Amanowa, Aýgözel Gutlymyradowa, Täzegül Çaryýewa “Halk maslahaty – halkymyzyň bagtyýarlygynyň belent nusgasy”, “Halk maslahaty – halk demokratiýasynyň mizemez sütüni”, “Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler” diýen temalarda täsirli çykyşlary etdiler.
Edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň milli ösüşlerimize täsiri we ýaş nesilller üçin açýan mümkinçilikleri barada giňişleýin bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi we olar boýunça birnäçe degişli teklipler beýan edildi.