Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekildi

11.10.2025

301

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekildi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekildi. 

Ähtnama laýyklykda iki ýokary okuw mekdebi, döwrüň talaplaryna laýyklykda talyplara bilim bermek, hünär öwretmek, okatmagyň innowasion usullaryny okuw prosesine ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri, aspirantlary, doktorantlary taýýarlamak we professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gaýtadan taýýarlamak, şeýle hem bilim ulgamyna sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny ösdürmek, bilelikde ylmy-barlag, taslama işlerini alyp barmak we bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaklyk göz öňünde tutulýar.

2025-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli bilen iş maslahaty geçirildi we uniwersitetiň gurluşy hem-de alnyp barylýan okuw we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy. Iş maslahatynyň çäginde Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli öz uniweriteti barada we uniwersitetde taýýarlanylýan ugurlar, hünärler, alnyp barylýan ylmy-barlag işleri hakynda gürrüň berdi hem-de ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga taýýardygyny belledi. Iş maslahatyndan soňra uniwersitetiň Maglumat tehnologiýa merkezinde uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Halkara hukugy dersi boýunça umumy okuw sapagyny geçirdi we sorag-jogap alyşyldy. 

Soňra Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektoryny uniwersitetiň geologiýa muzeýi, okuw binalary, tejribehanalary bilen tanyşdyryldy. Uniwersitetiň gurluşy bilen tanyşdyrmaga döredilen mümkinçilikleri üçin Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeli minnetdarlyk bildirdi we gol çekilen Ähtnama laýyklykda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady. 

 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address