Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

INKLÝUZIW BILIM BERMEGIŇ USULYÝETI BARADA TÄZE OKUW-USULY GOLLANMA NEŞIR EDILDI

14.10.2025

1254

INKLÝUZIW BILIM BERMEGIŇ USULYÝETI BARADA TÄZE OKUW-USULY GOLLANMA NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu möhüm ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze, döwrebap okuw mekdepleriniň yzygiderli ulanmaga berilmegi, häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň neşir edilmegi, okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmegi munuň anyk mysallarydyr.

Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezýärler. 2021-nji ýyldan bäri hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, onuň işini has-da ilerletmek babatda durmuşa geçirilýän işler köpçüligi adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýandygy, jemgyýetde nurana duýgulary has-da ösdürýändigi bilen hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallasy bilen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzyň merkezlerinde açylyp ulanmaga berilen saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda häzirki zaman usullaryň kömegi hem-de çaga oýunlaryny üsti bilen çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pedagogik işgärler saglyk işgärleri bilen bilelikde bedenterbiýe maşklaryny hem-de milli oýunlary guramak arkaly çagalaryň beden gurluşyny berkidýärler, saglygyny dikeldýärler, bu işleri berk gözegçilikde saklaýarlar. 

Ýakynda, has takygy, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da eziz Watanymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň uly dabaralar beslenip toýlanan günlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary okatmagyň – inklýuziw bilim bermegiň usulyýet aýratynlyklary barada «Образование детей с ограниченными возможностями здоровья в условиях инклюзивного обучения» (Inklýuziw okatmagyň şertlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilimi) atly täze okuw-usuly gollanma rus dilinde neşir edildi. Ol Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet edarasy «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýyndaky 978-nji Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» ýerine ýetirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky 244/1 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde edilmeli işleriň Sanawyna» bellenilen «Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar we olary okadýan we terbiýeleýän pedagogik işgärler üçin ylmy-usuly hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlamak, neşir etmek we okuw işine ornaşdyrmak» atly çäräniň (3-nji bent) çäginde işlenip taýýarlandy we neşir edildi. Ony çapa taýýarlamaga Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri, «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Täze neşir edilen okuw-usuly gollanmanyň mazmuny girişden, dört bapdan on dokuz bölümden, şeýle-de goşundylardan hem-de adalgalaryň we düşünjeleriň sözlüginden durýar.

Okuw-usuly gollanmanyň girişinde saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary okatmakda häzirki döwürde öňde durýan wezipeler, ylaýta-da bu möhüm ugurdaky okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyornaşdyrmagyň wajyplygy beýan edilýär. Inklýuziw bilim bermegiň bilim edaralarynda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar okadylanda deň mümkinçilikleriň we päsgelçiliksiz döredilmegini göz öňünde tutýandygy nygtalýar. Inklýuziw bilim bermekde çaganyň bilim almagynyň ýörite şertleri sanalyp geçilýär. Bu okuw-usuly gollanmany çapa taýýarlamagyň we neşir etmegiň maksady barada bellenilip geçilýär.

Täze neşir edilen okuw-usuly gollanmanyň «Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ösüşiniň aýratynlyklary» dilip atlandyrylan birinji babynda we onuň ýedi sany bölüminde eşidişi we görüşi, sözleýişi, daýanç-hereket apparaty bozulan, psihiki ösüşinde yza galmaklyk bolan, neýropsihiki hem-de akyl (intellektual) taýdan ösüşinde aýratynlyklary bar çagalaryň ösüşi barada zerur maglumatlar beýan edilipdir. Şol maglumatlaryň köpüsiniň degişli tablisalarda ýerleşdirilmegi bolsa, bu okuw-usuly gollanmanyň bilim berijilik ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Bu babyň, şeýle hem beýleki baplaryň hem soňunda peýdalanylan edebiýatlaryň sanawynyň ýerleşdirilmegi okuw-usuly gollanmadan peýdalanjak okyjylary täze gözleglere we bilim-ylym ugrundaky agtaryşlara ugrukdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek gerek.

«Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalaryň psihologik-pedagogik anyklanylyşy (diagnostikasy)» atly ikinji babyň düzümine alty bölüm degişli edilipdir. Şol bölümlerde görüşi bozulan çaglaryň sözleýiş we akyl ýetiriş işiniň bahalandyrylyşy, görüşi bozulan çagalaryň sözleýiş we kognitiw funksiýalarynyň skriningi – has anyk bahalandyrylmagyna ýa-da kömege mätäç bolanlary tiz, elýeterli, mysaly barlag usulyny peýdalanmagyň usulyýeti beýan edilipdir. Bulardan başga-da, sözleýişi has bozulan çagalaryň impressiw we ekspressiw sözleýşini barlamagyň, öwrenmegiň geçirilişi, daýanç-hereket apparatyny bozulan çagalaryň ýerine ýetirýän ýokary psihiki işleriniň kemala getirilişiniň derejesine baha bermegiň usulyýet aýratynlyklary barada hem zerur maglumatlar beýanyny tapypdyr. Okuw-usuly gollanmanyň bu babynda ýerleşdirilen neýropsihiki (autistik) spektrinde bozulmalar bolan çagalaryň sözleýişli we sözleýişsiz ýerine ýetirýän işleriniň derejesini öwrenmegiň, barlamagyň skrining maksatnamasynyň beýan edilmeginiň okuw-usuly gollanmanyň usulyýet babatdaky ähmiýetini has hem artdyrýar we baýlaşdyrylýar. Çünki şol maksatnamanyň mazmunynda häzirki wagtda bu möhüm ugurda hünärmenler tarapyndan peýdalanylýan usulyýetleriň esasy görnüşleri we olaryň aýratynlyklaryna düşündiriş berilipdir. Intellektual we mental bozulmalary bolan çagalaryň sözleýşini we akyl ýetirişini tiz wagtyň içinde öwrenmegiň usullary hem okuw-usuly gollanmanyň ikinji babynda öz beýanyny tapypdyr. Hünärmenler tarapyndan işlenilip düzülen hem-de bilim edaralarynda okaýan ösüş aýratynlyklary bolan çagalary pedagogik taýdan öwrenmegiň mysaly algoritminiň aýratyn tablisa görnüşinde ýerleşdirilmeginiň bu okuw-usuly gollanmadan peýdalanjaklar üçin uly ähmiýetiniň boljakdygyny bellemek möhümdir.

Okuw-usuly gollanmanyň üçünji baby «Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary okatmagyň mazmunynyň nusgalaşdyrylyşy (modelirlenişi)» diýlip atlandyrylypdyr. Onda jemi dört bölüm bar. Bu bapda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin bilim maksatnamalarynyň, terbiýeçilik işiniň amaly taýdan guralyşy baradaky gymmatly usuly maslahatlar öz beýanyny tapypdyr. Şonuň ýaly-da, okuw-usuly gollanmanyň bu babynda inklýuziw bilim bermegiň şertlerinde bilim tehnologiýalary baradaky pedagogik işgärler üçin zerur bolan maglumatlara hem uly orun berilipdir. Şol maglumatlaryň arasynda sanly bilim tehnologiýalaryna degişli maglumatlar möhüm orun tutýar. Bilim edaralarynda ulanylmagy maslahat berilýän sanly bilim tehnologiýalarynyň gurluş düzümi – didaktiki usullar we serişdeler (týutor ýa-da halypa, gürleýän leksiýalar, okuw kitaplary), programmaly serişdeler (okuw kitaplary, okuw otaglaryny abzallaşdyrmak, tehniki serişdeler), onlaýn bilim tehnologiýalary (onlaýn-platformalary, mobil goşundylar, sapaklaryň onlaýn görnüşdäki tertibi, okaýanlaryň bilim derejesini onlaýn arkaly bahalandyrmak) görkezilipdir. Intellektual aýratynlyklary bolan çagalary okatmakda maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagy okatmakda we çagalaryň ösüşini üpjün etmekde ähmiýetli üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýändigi nygtalyp bellenýär. Okuw meýilnamasyna laýyklykda, bilim bermek işine elektron bilim gurallaryny peýdalanmak arkaly sanly kömegi ornaşdyrmagyň maksada laýyklygy nygtalyp, okatmagyň elektron serişdeleriniň takmyny sanawy maslahat berilýär.

Okuw-usuly gollanmanyň üçünji babynda beýan edilen saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary terbiýelemekde we okatmakda ata-eneleriň orny barada aýratyn bölümiň ýerleşdirilendigini nygtap bellemek möhümdir. Şol bölümiň mazmunynda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary terbiýelemekde we oklatmakda maşgalanyň uly ornynyň bardygy bellenilýär. Maşgalanyň ýerine ýetirýän esasy wezipeleri (funksiýalary) sanalyp geçilýär. Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek (reabilitasiýa) boýunça alnyp barylýan işlerde ata-eneleriň baş wezipeleri beýan edilýär.

Täze neşir edilen okuw-usuly gollanmanyň tamamlaýjy – dördünji baby «Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen işleri guramakda assistiw tehnologiýalar we elýeterli gurşawyň elementleri» diýlip atlandyrylypdyr. Bu bapda iki sany bölüm bolup, olarda inklýuziw bilim bermekde assistiw (kömekçi) tehnologiýalara, bilim edaralarynda elýeterli gurşawy döretmäge degişli maglumatlar beýan edilipdir.  

Okuw-usuly gollanmanyň soňunda jemi sekiz sany goşundy ýerleşdirilipdir. Ol goşundylarda beýan edilenler bu neşiriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar, ähmiýetini ýokarlandyrýar. Birinji goşundynyň düzüminde jemi bäş sany surat bolup, olar görüşi bozulan çagalaryň görüş ukyplaryny bahalandyrmak üçin niýetlenilen. Ikinji goşundy «K.A.Klimowyň signal ulgamynyň mynasybetlerini ýüze çykarmagyň usulyýeti» diýlip atlandyrylypdyr. Onda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalaryň sensor we motor asimmetriýasyny anyklamagyň usullary jikme-jik beýan edilipdir. Bu usulyýetiň pedagoglar hem-de mugallymçylyk ugurly ýokary we orta okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup hyzmat etjekdigi ikuçsyzdyr.

Üçünji we dördünji goşundylar okuw-usuly gollanmada tablisalar görnüşinde ýerleşdirilipdir. Olarda «Esasy modullyga gözegçilik etmek usulyýeti (üçünji goşundy) hem-de «Saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalaryň öwrenijilik, akyl ýetiriş anyklanylyşy (diagnostikasy): kabul edişi, ünsi, ýady, pikirlenişi, göz öňüne getirmeleri, dilden beýan edişiniň we ýazuw arkaly sözleýşiniň ýagdaýy» (dördünji goşundy) atly tablisalarda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary psihologik-pedagogik taýdan öwrenmek üçin gymmatly maglumatlar beýan edilipdir.

Bäşinji goşundy «Braýlyň şriftiniň aýratynlyklarynyň beýany» diýlip atlandyrylypdyr. Onda L.Braýl tarapyndan körleriň okap we ýazyp bilmekleri üçin işlenip düzülen relýef-nokat şrifti, ony okamagyň we ýazmagyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar dürli suratlaryň kömegi arkaly beýan edilipdir. Bu maglumatlar saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar bilen işleýän pedagogik işgärler, ata-eneler, şeýle hem Braýlyň şriftlerini öwrenmek isleýänler üçin zerur gollanma bolup hyzmat eder.

Altynjy goşundyda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalaryň reňki, daşky görnüşi (formasy), şekilleri boýunça tapawutlandyryp bilmek ukyplaryna baha bermek üçin ulanylýan dürli şekilleriň suratlaryýerleşdirilipdir. Ýedinji goşundyda çagalar üçin ýekebara (indiwidual) ugry (marşruty) düzmegiň nusgasy (ugrukdyrmagyň görnüşi) ýekebara ugur boýunça terbiýelenýän, okadylýan çagalar bilen işlemegi pedagoglara we ata-enelere maslahatlar, ýekebara bilim ugrunyň maksatnamasynyň gurluş düzümi beýan edilipdir.   

Okuw-usuly gollanmanyň soňunda ýerleşdirilen sekizinji goşundyda köp sanly gymmatly maglumatlar – saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary terbiýeleýän ata-eneleriň işi boýunça soraşma, maşgala terbiýesinde gyşarmanyň psihologik sebäpleri, barlagnamalary (testleri) geçirmegiň tertibi hem-de 11-13 we 11 ýaşdan 21 ýaşa çenli çagalaryň ata-eneleri üçin barlagnamalaryň netijelerini gaýtadan işlemegiň tertibi we yzygiderliligi öz beýanyny tapypdyr.  

Täze neşir edilen okuw-usuly gollanmanyň her bir bölüminiň soňunda şol bölümiň mazmunynda beýan edilen maglumatlary berkitmäge we gaýtalamaga, öz bilimleriňi barlamaga mümkinçilik berýän soraglaryň we ýumuşlaryň ýerleşdirilmegi, bu neşiriň bilim berijilik ähmiýetini ýokarlandyrýar. Ondan peýdalanjak okyjylarda bellibir gyzyklanmany döreder.   

Okuw-usuly gollanmanyň soňunda adalgalaryň we düşünjeleriň sözlügi ýerleşdirilipdir. Bu sözlükde onuň tutuş mazmuny bilen baglanyşykly bolan möhüm adalgalaryň we düşünjeleriň 62-sine düşündiriş berilýär. Munuň özi okuw-usuly gollanmada beýan edilen maglumatlaryň okyjylar üçin has düşnükli bolmagyna we olary gowy özleşdirmeklerine mümkinçilik berýär, okyjylaryň şol adalgalara we düşünjelere aýratyn ünsüni gönükdirýär.

Bilim ulgamynda ýola goýulan işjeň halkara hyzmatdaşlygyň anyk netijesi hasaplanýan täze neşir Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde pedagogik işgärlere, mugallymçylyk ugurly okuw mekdepleriniň talyplaryna, ata-enelere ösüp gelýän ýaş nesle inklýuziw bilim we terbiýe bermekde gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. 

Sapargeldi Durdyýew,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň

Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş

bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň

doktory, dosent.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address