Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

14.10.2025

523

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrmagy we onuň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Bu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri, tagallalary baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle-de abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryny, parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini yzygiderli bellediler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address