
News
1070

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – milli gymmatlyklarymyza sarpa goýulýan zamana. Türkmen halkynyň adyny älem-jahanda beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itleri türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy.
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergä sungat ojagymyzyň ähli ugurlary boýunça ussat mugallymlarymyz hem-de zehinli talyp ýaşlarymyz özleriniň ajaýyp eserleri bilen gatnaşdylar. Sergide görkezilen nakgaş, heýkel, haly, keramika, zergär, dizaýn we animasiýa ýaly birnäçe eserlerde hem-de sungaty öwrenijileriň kataloglarynda, senenamalarynda türkmen alabaýynyň keşbi onuň gaýduwsyzlygy, güýçli öý sakçysy hökmünde, ynsana wepalylygy ussatlyk bilen görkezilipdir.
Türkmen alabaýy wepalylygyň tebigi nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «... Öýünden uzaga ryskyny idäp giden kişilere bedewi ýoldaş bolupdyr, olaryň öýüniň goragçysy bolsa, wepaly alabaýlary. Käteler obada zenan maşgalalar, oglan-uşaklar galýarlar. Şonda syrgyndan çete çykyp, gelip-geçene ünsli nazar salyp oturan alabaýy bolan oba del aýak sekmeýär» diýip bellenilýär.
Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri-de, Altyn depeden tapylan terrakotadan ýasalan itiň heýkeljigi, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň ystyhanlary, Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzüne çekilen itiň şekilleri hem muny subut edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda «Güjük yzy» diýilýän gadymy nagyş tapyldy. Türkmen itiniň penje yzlary IX – XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde möhür bolup galypdyr. Gadymy yrymlara görä, bu nagyş tumaryň wezipesini ýerine ýetiripdir.
Häzirki wagtda adamyň wepaly dosty – alabaý itleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde aýrylmaz kömekçidir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär.
Çemen Annamuradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
mugallymy