
News
1106

2025-nji ýylyň 15 oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly Mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy uly gyzyklanma bilen geçirildi. Ýokary okuw jaýynyň professor-mugallymlary çykyş edip bu kitap barada gyzykly maglumatlary talyp ýaşlara ýetirdiler.
Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl eýsem, dünýäniň köp halklarynyň dillerine terjime edilmegi arkaly köp sanly daşary ýurtly hünärmenler üçin ähmiýetli gollanma öwrüldi.
Goý halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny we il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti