
News
709

20-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Bu taslama ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasion, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolup durýar.
Geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýe bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys. Bu taslama hyzmatdaşlygyň, özara ykdysady gatnaşyklaryň hem-de umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen tagallalaryň nyşany bolmak bilen bir hatarda, asyryň iri taslamasy hasaplanýan gaz geçirijisi sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin köpri bolup hyzmat edip, energiýa howpsuzlygyny we durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti