
News
670

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat” gaz geçirijisi bagytly nesilleriň aýdyň gelejegi atly tegelek stoluň başynda syýasy gepleşik uniwersitetiň professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda ýazga geçirildi. Ýagny 20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçiriji taslamasynyň “Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat” gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi we Türkmen Owgan dost-doganlyk gatnaşyklar babatynda tegelek stolyň başynda wagyz-nesihatlar bilen çykyş edip professor-mugallymlar gyzykly gürrüňleri berdiler. Esasanda iki ýurdyň energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikde durmuşa geçirmäge gatnaşýan ägirt uly taslamalarynyň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisi we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň ähmiýeti barada çykyş edýänler aýratyn belläp geçdiler. Ýurdumyzyň ösüşlerini we taryhy wakalaryny wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şular ýaly duşuşyklar giň gerimde geçirilip durulýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti