Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

RUSSIÝALY HÜNÄRMENLERIŇ TÜRKMENISTANLY PEDAGOGIK IŞGÄRLERIŇ HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRMAKDAKY HYZMATDAŞLYGY

22.10.2025

776

RUSSIÝALY HÜNÄRMENLERIŇ TÜRKMENISTANLY PEDAGOGIK IŞGÄRLERIŇ HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRMAKDAKY HYZMATDAŞLYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrümiziň ýokary talaplaryna laýyk derejede ýokary hilli bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek, seljermek we onuň oňyn netijelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Mekdeplerde okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw kitaplaryny, gollanmalaryny, wideomateriallary, elektron tanyşdyryşlary we okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak işleri yzygiderli ýola goýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem-de zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň mukaddes borjy bolup durýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze nusgasynyň kemala gelmegi baý milli tejribä, mugallymçylyk däplerine hem-de umumy dünýä ýörelgelerine esaslanýar. Şu maksatlar bilen, Türkmenistan döwletimiz ýokary hünärli ökde hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak babatynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşyp, abraýly halkara guramalary hem-de köp ýurtlar, şol sanda strategik hyzmatdaşymyz hasaplanýan Russiýa Federasiýasy bilen hem iki taraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär we işjeňleşdirýär.   

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen geçýän şu ýylymyzyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň gurnamaklarynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň döwrebap binasynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlar başlandy. Bu usuly-amaly okuwlar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň alyp barmaklarynda geçirilýär. 

Ýeri gelende bellesek, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän bu usuly-amaly okuwlar Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet federal mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäginde guraldy. 

A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde russiýaly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň pedagogik işgärleri üçin geçirilýän usuly-amaly okuwlaryň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara myhmanlar we ýurdumyzyň pedagogik işgärleri bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ý.S. Zaýsewa hem gatnaşdy we gutlag sözi bilen çykyş etdi.  

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäginde halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň abraýly bilim we ylym merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen ikitaraplaýyn bähbitli bolan halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidilýär, gerimi giňeldilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen möhüm resminamany ─ Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilimiň döwlet býujet bilim edarasy «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga görkezmek bolar. Şol Ylalaşykda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak ýaly möhüm işler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin başlanan hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary hem şol Ylalaşykda öz beýanyny tapan çäreleriň çäginde geçirilýär.  

Usuly-amaly okuwlar aşakdaky alty ugur boýunça guraldy:

1. Umumybilim edaralarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň inklýuziw okuwy.

2. Häzirki zaman şertlerinde umumybilim edaralarynda bilimiň hiliniň bahalandyrylyşy.

3. Ýokary okuw mekdebiniň psihologiýasy we pedagogikasy.

4. Mekdep okuwçylarynyň taslama we ylmy-gözleg işleri.

5. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň tebigy-ylmy sowatlylygynyň kemala getirilişi we bahalandyrylyşy.

6. Mugallymyň işinde häzirki zamanyň sanly gurallary.

Hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlara ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň, ähli welaýatlaryň umumybilim edaralarynda, A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki umumy orta bilim berýän türkmen-rus mekdebinde, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda zähmet çekýän pedagogik işgärler gatnaşýarlar. Şeýle hem, bu usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri hökmünde ýurdumyzyň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdeplerinde – Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk mekdebinde, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde zähmet çekýän mugallymlar hem gatnaşýarlar. Bulardan başga-da, russiýaly professor-mugallymlaryň türkmen kärdeşleri üçin geçirýän şu gezekki usuly-amaly okuwlaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ─ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim işgärleri hem diňleýjiler hökmünde çagyryldy 

Geçen 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda aşakdaky alty ugur boýunça ýurdumyzyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlarynyň üstünlikli geçirilip, olara 170-e golaý terbiýeçileriň, mugallymlaryň, hünärmenleriň gatnaşandyklaryny hem bellemek gerek: 

1. Başlangyç synp mugallymlaryň iş tejribesinde kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň matematiki we tebigy bilimler boýunça sowatlylygyny kemala getirmäge we bahalandyrma bolan çemeleşmeler.  

2. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçisiniň innowasiýa işi.  

3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda mugallymyň-defektologyň işiniň mazmuny we guralyşy.  

4. Rus dili we edebiýat mugallymynyň hünär başarjaňlyklarynyň (kompetensiýalarynyň) kämilleşdirilişi.  

5. Pedagog-psihologyň häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmek mümkinçilikleri.  

6. «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» we «Bedenterbiýe» okuw dersleriniň serişdeleri arkaly okuwçylaryň okaýyş sowatlylygyny kemala getirmegiň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy.  

Umumy dowamlylygy 72 sagada niýetlenen hem-de döwletimiziň pedagogik işgärleriniň 300-e golaýynyň gatnaşýan bu gezekki usuly-amaly okuwlarynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri okuw dersleri boýunça sapaklary meýilleşdirmegiň we geçirmegiň häzirki zaman çemeleşmeleri, saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar bilen okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmagyň usulyýet aýratynlyklary, okuw-terbiýeçilik işlerinde innowasion pedagogik tehnologiýalary peýdalanmagyň usullary we usulyýet tärleri, häzirki zamanda bilim bermek işinde sanly bilim serişdelerini taýýarlamagyň we olary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň usullary, ösüp gelýän ýaş nesilde tebigy-ylmy sowatlylygy kemala getirmekde we ösdürmekde amaly taýdan ugrukmaga bolan çemeleşmeler, zehinli çagalary ýüze çykarmagyň, olary goldamagyň we dürli zehin bäsleşiklerine, şol sanda taslama işleri boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän döwlet we halkara bäsleşiklerine taýýarlamagyň ýokary netijeli usullary, häzirki zaman şertlerinde umumybilim edaralarynda bilimiň hiliniň bahalandyrylyşy, ýokary okuw mekdepleriniň psihologiýasynyň we pedagogikasynyň möhüm meseleleri boýunça öz hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, bu wajyp ugurlarda halkara tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga we ony özleşdirmäge mümkinçilik taparlar. 

Hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň», şeýle hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen kabul edilen beýleki bilim Konsepsiýalarynyň maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň pedagogik işgärlerine ýakyndan goldaw bolup hyzmat eder.

Pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň açylyş dabarasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet edarasy «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, Milli bilim institutynyň ylmy işgärleriniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda çapa taýýarlanylan hem-de neşir edilen saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary okatmagyň – inklýuziw bilim bermegiň usulyýet aýratynlyklary baradaky «Образование детей с ограниченными возможностями здоровья в условиях инклюзивного обучения» (Inklýuziw okatmagyň şertlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilimi) atly täze okuw-usuly gollanmanyň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna hem-de A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine sowgat berilendigini hem bellemek gerek.

Usuly-amaly okuwlaryň geçirilýän döwründe russiýaly professor-mugallymlar öz türkmenistanly kärdeşleri bilen ýakyn geljekde bilim ulgamynda bilelikdäki halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp baryljak ylmy, ylmy-usuly işler, olaryň esasy ugurlary barada özara pikir alyşmalary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramak hem meýilleşdirilýär.   

Russiýaly tejribeli hünärmenleriň alyp barmaklarynda türkmenistanly pedagogik işgärler üçin guralan bu gezekki hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary üstünlikli tamamlan pedagogik işgärlere halkara nusgadaky şahadatnama gowşurylar. 

Sapargeldi DURDYÝEW,  

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň 

bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş

bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory. 

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address