Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HALKYMYZA BAÝRAMÇYLYK SOWGADY

22.10.2025

707

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HALKYMYZA BAÝRAMÇYLYK SOWGADY

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine sowgady bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen tanyşdyryş dabarasynda halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden täze kitaplarynyň mazmuny bilen giňişleýin tanyşdyrýan çykyşlar diňlenildi.

Nobatdaky jiltde gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan dermanlyk ösümlikleriň 107-si barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Milli Liderimiziň “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaby hem “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar.

Dabarada çykyş eden professor-mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda belli bir ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. 

Dabara gatnaşanlar halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda edýän aladalaryna hem-de raýatlarymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler we halkymyzyň saglygyny milli baýlygymyza deňeýän alym Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.

Bu geçirilen aýdym-sazly tanyşdyryş dabara, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Gülşirin Agaýewa, Çyzuwly geometriýa we inženerçilik

grafikasy kafedrasynyň mugallymy.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address