Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Miras ylham çeşmesi

23.10.2025

812

Miras ylham çeşmesi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň emele gelmeginiň täze tapgyry bolmak bilen, ata-babalarymyzyň baý mirasyny bütin dünýäde ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwrebap eýýamyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda däp-dessurlary, halk çeperçilik sungatyny, halk tejribesini, milli oýunlary we dilden aýdylýan halk döredijiligi bolan medeni mirasymyzy aýawly ýagdaýda gorap saklamak we ösdürmek, türkmen halkynyň hemmetaraplaýyn ruhy we medeni ösüşini üpjün etmekdir.

Türkmenistan ýudumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegi döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda BMG-niň möhüm gurluş bölümlerinden biri bolan Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (UNESCO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we giňeldilmegine uly üns berilýär. ÝUNESKO bilen özara gatnaşyk Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup, parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge we ähliumumy ösüşe ýetmäge gönükdirilendir. 

Şeýlelikde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda «Maddy däl medeni mirasy öwrenmegiň milli tejribesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynyň çäginde türkmen milli gymmatlyklarynyň-halyçylyk, zergärçilik we keramika sungatynyň naýbaşy nusgalarynyň sergisi guraldy. Sergide Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda zergärçilik önümlerini ýasamagyň usullary, keramika sungatynyň kämil önümlerini taýýarlamagyň tärleri, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimleri hakynda giňişleýin düşünje berýän ussatlyk sapaklary görkezilip, şeýle-de milli gymmatlyklaryň sergisine aýlanyp görüldi. 

Häzirki wagtda türkmen halkynyň aňyrdan gelýän milli mirasyny aýawly saklamak, ýaş nesillerimize asyl nusgasynda ýetirmek, dünýäniň ýüzüne ýaýmak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz uly işleri alyp barýar. Biziň muňa begenjimiziň çägi bimöçberdir.   

Halkymyzyň döreden milli-medeni gymmatlyklarynyň iň ajaýyp nusgalary umumadamzat ähmiýetlidir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletli Diýarymyzyň medeni mirasyny, taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, goramak we aýawly saklamak, olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmak babatynda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ol işleriň sakasynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy öwrenmekdäki we olaryň taryhy-medeni ähmiýetini dünýä ýaýmakdaky beýik maksatnamalary dur. 

Şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan döwletimiz bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent we döwletli maksatlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris! 

Goý, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy – ÝUNESKO - nyň dünýä halklarynyň taryhy-medeni mirasyna, gadymy gymmatlyklaryna hormat-sarpa goýmak, olary umumadamzat gymmatlyklary hökmünde gorap saklamak baradaky asylly ýörelgeleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Tawus Garajaýewa,   

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri 

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address