
News
642

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy B.Bekmyradowyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitaby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlendi.
Bu okuw kitabynda metrologiýanyň esasy adalgalary we kesgitlemeleri, fiziki ululyklaryň hem-de birlikleriň ulgamy, nätakyklygyň nazaryýeti, ölçegiň netijelerini işläp taýýarlamak ýaly meselelere seredildi. Şeýle-de, kitapda ölçegiň nätakyklygy, fiziki ululyklaryň birlikleriniň nusgalary (etalonlary), ölçegiň usullary, serişdeleri we olaryň görnüşleri barada degişli materiallar berilýär. Okuw kitabynda standartlaşdyrmagyň we sertifikatlamagyň esaslary, kanuny metrologiýa, hili dolandyrmaga we ony barlamaga degişli bolan kwalimetriýa meselelerine degişli giňişleýin maglumatlar berildi.
Bu okuw kitabyny ýokary okuw mekdeplerinde metrologiýa we ölçeg ulgamyna degişli hünärler boýunça okaýan talyplara, şeýle-de metrologiýa gullugyndaky we döwlet kabul ediş edaralaryndaky ölçeg bilen işleýän işgärlere hem hödürlemek bolar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölümi
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.