Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Mikro, opto we nanoelektronikanyň materiallarynyň tehnologiýasy” atly okuw kitaby çap edildi

24.10.2025

674

“Mikro, opto we nanoelektronikanyň materiallarynyň tehnologiýasy” atly okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy M.Ýalkapowanyň we öwreniji-mugallymy G.Kulyýewanyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Mikro, opto we nanoelektronikanyň materiallarynyň tehnologiýasy” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitabyn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlendi.

Bu okuw kitaby üç bölümden ybaratdyr. Okuw kitabynyň birinji bölüminde mikro, opto we nanoelektronikada ulanylýan materiallary almagyň fiziki we himiki prosesleri, şol sanda himiki maddalary izolirlemek, birleşmeler görnüşinde arassalamak, ahyrky arassalamak, belli bir häsiýetli ýekeje kristal almak barada aýdylýar.

Ikinji bölümde ýönekeý ýarymgeçirijileriň tehnologiýasy, has takygy mikro, opto we nanoelektronikada ulanylýan germaniniň we kremniniň alnyş usullary we häsiýetleri barada beýan edilýär.

Üçünji, ýagny ýarymgeçiriji birleşmeleriň AIIIBV tehnologiýasy bölüminde ýarymgeçiriji birleşmeleriň tebigaty, häsiýetleri, baglanyşyk tehnologiýasynyň aýratynlyklary, islenýän häsiýetleri bolan birleşmeleriň monokristallaryny almak üçin tehnologiýa hem-de epitaksial gurluşlary almaklygyň tehnologiýasy diýen bölümçelere seredilýär.

Bu okuw kitaby elektronika we mikroelektronika ugrunda okaýan talyplar üçin, şeýle-de degişli ugurda işleýän hünärmenler üçin peýdalydyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

sanly@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.