Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Halkara gatnaşyklar ýokary derejede ösdürilýär

28.10.2025

443

Halkara gatnaşyklar ýokary derejede ösdürilýär

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkara gatnaşyklaryny ýokary derejede ösdürmek babatynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işleri taryhymyzyň altyn sahypasynda ýatdan çykmajak wakalar bilen baýlaşdyrylýar. 

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de bu taryhy wakanyň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen tegelek stoluň başynda halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylda ýola goýlup, geçen döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň binýady dogrusynda giňişleýin pikirler beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen – Italýan işewürlik maslahatyna gatnaşyp taryhy söz sözlemegi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da jebisleşmeginde alnyp barlan beýik işler hakynda buýsançly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde Rimiň iň gadymy muzeýleriniň biri bolan Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisi barada gymmatly maglumatlar beýan edildi.

Bilbil Çaryýewa, 

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

 akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

sanly@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.