
News
387

2025-nji ýylyň 20-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.ýe.ýe. M.Pirliýewa Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNIСEF) guramagynda geçirilen Çagalary goramak, maşgala goldawy, şol sanda alternatiw maşgala terbiýesi we ýerli derejede durmuş gulluklarynyň ösüşi boýunça türkmen wekiliýetiniň düzüminde tanyşlyk iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we sosial gorag ministrliginiň we Baş prokuraturanyň wekilleri girdi. Saparyň esasy maksady çagalaryň hukuklaryny goramak, maşgala esasly hyzmatlary ösdürmek we durmuş hyzmaty ulgamyny kämilleşdirmek barada tejribe paýlaşmakdan, şeýle hem çagalar bagyndan maşgalalary goldamaga we maşgala esasynda bilim bermäge gönükdirilen hyzmatlar ulgamyna geçmek tejribesini öwrenmekden ybarat boldy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Moldowa Respublikasynyň Zähmet we sosial gorag ministrliginiň, şäher häkimiýetleriniň we sosial hyzmatlary hödürleýän we maşgalalary goldamak we çagalaryň hukuklaryny goramak üçin maksatnamalary durmuşa geçirýän jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Gatnaşyjylar her bir çaganyň edaralarda däl-de, maşgala gurşawynda ösmegine mümkinçilik berýän uzak möhletli özgertmeler bolan Moldowanyň deinstitutizasiýa modeli barada maglumat aldylar. Şeýle hem bu ýurtda çagalara ideg ulgamynyň institusional görnüşden maşgala we jemgyýet esasly hyzmatlara geçiş tejribesi bilen tanşyldy.
Geçirilen duşuşyklar we pikir alyşmalar iki ýurduň arasynda çagalaryň hukuklaryny goramak, maşgala we jemgyýet esasly hyzmatlary ösdürmek ulgamynda tejribe alyşmakda hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.