
News
715

Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň gatnaşmagynda “Daşary ýurt dillerini öwretmek – döwrüň talabydyr” atly bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň her bir raýatyň azyndan üç dili kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýan derwaýys wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilini okatmakda, şol sanda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi talap edýär. Çagalar bakja-baglarynda zähmet çekýän mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrylmagy bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň esasy meselesi bolup durýar. Bu meseläniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde çagalar bagyndan başlap, ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn orun berilýär.